Hytaýyň awtoulag ägirdi we elektrik ulaglaryny öndürmekde dünýä liderleriniň biri bolan BYD 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriljek Ýewropa Futbol çempionatynyň (EURO 2024) elektron mobillik çäginde resmi hyzmatdaşy boldy. Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşiginde (UEFA) yglan edildi diýip, IXBT.com habar berýär. Öňki ýyllarda UEFA-nyň esasy awtoulag hemaýatkäri Volkswagen bolupdy. BYD UEFA-nyň şu güne çenli ekologiýa taýdan iň durnukly Ýewropa çempionatyny guramak maksadyna goşant goşjakdygyny aýtdy. Hemaýatkär ýaryş wagtynda dürli gyzyklanýan taraplary dürli awtoulaglar bilen üpjün eder, şeýle hem iň täze modellerini we ösen tehnologiýalaryny görkezer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir