Stambulyň dünýä belli metjidi Aýa-Sofiýa (Mukaddes Sofiýanyň ybadathanasy) giriş daşary ýurtlular üçin indi tölegli bolar. Tölegiň bahasy 25 ýewro barabar. Respublikanyň Syýahatçylyk ministrligi tarapyndan girizilen täze düzgünler duşenbe gününden güýje girýär diýip, TASS habar berýär. Syýahatçylar üçin aýratyn giriş we çykyş guralar, olar galereýa gatyna aýlanyp bilerler, şeýle-de Wizantiýa mozaikalaryny synlap bilerler. Myhmanlar üçin ykjam gurluşlara ýükläp bolýan 23 dilde audiogid işlenip düzüldi. Olar, isleseler, girelgede nauşnik alyp, ybadathana özbaşdak ekskursiýa gurap bilerler. Türkiýäniň raýatlary we Mukaddes Sofiýa ybadat etmek maksady bilen barýanlar üçin metjide giriş mugt bolup galýar. Syýahatçylyk ministrliginiň aýtmagyna görä, metjide baryp görmegiň täze ulgamy girelgedäki nobatlary aradan aýyrmaga hem-de ony dikeltmek boýunça giň gerimli işleri meýilnama laýyklykda alyp barmaga mümkinçilik berer. Sofiýa ybadathanasy imperator Ýustinianyň görkezmesi boýunça 532-537-nji ýyllarda gurlan Wizantiýa binagärliginiň ýadygärligidir. 1453-nji ýylda Wizantiýa imperiýasy ýykylandan soň, ol metjide öwrüldi. 1935-nji ýylda, häzirki türk döwletini esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan gol çekilen Türkiýäniň hökümetiniň jarnamasyna laýyklykda, ybadathana muzeý boldy. 1985-nji ýylda binagärlik toplumy Stambulyň taryhy böleginde ýerleşýän beýleki ýadygärlikler bilen bir hatarda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir