2023-nji ýylda Eýran nebitiň gazylyp alnyşyny bir günde 330 müň barrel artdyryp, OPEK-e agza ýurtlaryň arasynda nebit önümçiligi boýunça rekord goýdy. Şeýle maglumatlar ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň statistikasyndan gelip çykýar diýip, ru.irna.ir habar berýär. Maglumatlara görä, 2023-nji ýylda Eýranda nebiti gazyp almagyň möçberi bir günde 2,870 mln barrele deň boldy. “2022-nji ýylda Eýran bir günde ortaça 2,540 mln barrel nebit gazyp alypdy” – diýlip, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň statistika resminamasynda aýdylýar. Belläp geçsek, 2023-nji ýylda OPEK-iň umumy nebit önümçiligi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 630 müň barrel azalyp, bir günde 26,890 mln barrel boldy. 2022-nji ýylda OPEK bir günde 27,520 mln barrel nebit gazyp aldy.