“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Gyýanly şäherçesinde işlemek üçin açyk iş orunlaryny yglan edýär. Degişli bildiriş "Biznes Türkmenistan" elektron neşirinde peýda boldy. HÜNÄRMEN (TERJIMEÇI) Bildirilýän talaplar: Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir: Bilimi: Lingwistika boýunça ýokary bilimi bolmaly. Iş tejribesi: Ýazmaça/dilden terjimeçi wezipesinde azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly. Dil ukyplary: Iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli. Endikleri we başarnyklary: «MS Offiсe» programmalary bilen işlemegi başarmaly. Zähmeti goramak, howpsyzlyk tehnikasy we daşky gurşawy goramak boýunça gözegçi Bildirilýän talaplar: Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir: Bilimi: Orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminama bolmaly. Iş tejribesi: Desgada howpsyzlyk tehnikasy boýunça ýa-da degişli pudakda 1 ýyldan 3 ýyla çenli gözegçi wezipesinde iş tejribesi bolmaly. Dil ukyplary: Iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli. Endikleri we başarnyklary: «MS Offiсe» programmalary bilen işlemekde başarnyklary bolmaly. Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (“B” blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz. Doldurylan sowalnamalar şu bildirişiň çap edilen gününden başlap, 1hepdeden gijägalman “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my electron salgysy boýunça ugradylyp bilner. Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir