“Mirasdüşerler” we “Aýy” seriallary “Emmi” baýragynyň 75-nji gowşurylyş dabarasynda alan baýraklarynyň sany boýunça öňdebaryjylar boldy. Bu baýrak telewizion sungatynda gazanylan üstünlikler üçin berilýär. Sanaw bäsleşigiň saýtynda ýerleşdirildi diýip, gazeta.ru habar berýär. “Mirasdüşerler” serialy “Iň gowy drama serialy”, “Drama serialynda iň gowy aktýor” (Kiran Kalkin), “Drama serialynda iň gowy aktrisa” (Sara Snuk) we “Drama serialynda ikinji plandaky iň gowy aktýor” (Mettýu Makfedien) nominasiýalarynda tapawutlandy. “Aýy” serialy “Iň gowy komediýa serialy”, “Komediýa serialynda iň gowy aktýor” (Jeremi Allen Uaýt), “Komediýa serialynda ikinji plandaky iň gowy aktýor” (Ebon Moss-Bakrak) we “Komediýa serialynda ikinji plandaky iň gowy aktrisa” (Aýo Edebiri) nominasiýalarynda baýraga eýe boldy. Iň gowy mini-serial ýa-da antologiýa hökmünde ýeňiji “Garpyşyk” boldy, ol iň gowy aktýor (Stiwen Ýan) we aktrisa (Ali Wong) üçin hem heýkeljiklere mynasyp boldy. Şeýle-de, “Ak lotos”, “Ebbott” başlangyç mekdebi”, “Gara guş” we “Nägehan: Jeffri Dameriň wakasy” seriallary hem dürli nominasiýalarda bir baýraga eýe boldular. “Emmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 15-nji ýanwarda geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir