Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Harby-howa güýçleriniň 22 ýaşly kiçi leýtenanty Medison Marş Florida ştatynyň Orlando şäherinde geçirilen «Miss Amerika 2024» bäsleşiginde ýeňiji boldy diýip, CNN teleýaýlymy habar berýär. Kolorado ştatynyň wekili Medison Marşyň ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň taryhda «Amerika gözeli» adyna eýe bolan ilkinji serkerde bolandygy bellenilýär. Bellenilmegine görä, bäsleşige ABŞ-nyň her ştatyndan we Kolumbiýa okrugyndan bir wekil – jemi 51 zenan gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna 11 zenan çykdy. Olar ýaryşyň dört tapgyrynda özara bäsleşdiler – straz bezeg daşlary bilen bezelen «atleisure» stilindäki (sport we gündelik lybaslaryň aýratynlyklarynyň birleşdirilmegi) köýneklerde ýörediler, möhüm meseleler barada pikirlerini aýtdylar, ukyp-başarnyklary boýunça bäsleşdiler we agşamlyk dabara lybasynda çykdylar. Ukyp-başarnyklar boýunça bäsleşikde Marş 16 ýaşynda uçarman ygtyýarnamasyny alşy barada gürrüň berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir