Bilşimiz ýaly, Gündäki partlamalar diňe bir dürli tehnikanyň işine däl, eýsem, howa garaşlylygyndan ejir çekýän adamlaryň özüni duýşuna-da täsir edýär. Hünärmenler güýçli magnit hadysasynyň bolan günleri adamlaryň üýşmeginden daşrakda durmagy, fiziki agramy azaltmagy we köpräk suw içmegi maslahat berýärler diýip, “Argumenty i fakty” neşiri belleýär. Neşiriň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, 17-nji fewralda sagdyn adamlara täsir edip biljek güýçli magnit hadysasynyň bolmagyna garaşylýar. 22-nji fewralda orta derejede güýçli hadysanyň bolmagyna garaşylýar. Onuň täsiri howa duýgur adamlar üçin güýçli bolar. Olar kellagyryny, gan basyşynyň ýokarlanmagyny we hroniki keselleriň güýçlenmegini başdan geçirip bilerler. Üçünji magnit hadysasy 27-nji fewralda bolar. Ol bu üç hadysanyň arasynda iň gowşagy bolar we diňe immuniteti pes adamlara täsir eder, olarda ukusyzlyk, ýadawlyk, işdäniň ýitmegi ýüze çykyp biler. Tebigy hadysalaryň ýaramaz netijelerine taýýarlanmak bolar. Munuň üçin immunitetiňi güýçlendirmek gerek. Hünärmenler sport bilen meşgullanmagy maslahat berýärler. Türgenleşdirilen organizm kynçylyklardan aňsat baş çykarýar. Suw içmegi hem ýatdan çykarmaly däl: suw režimi tomusdygyna ýa-da gyşdygyna garamazdan berjaý edilmelidir. Rahatlygy saklamaga çalşyň we islendik dartgynly ýagdaýlardan gaça duruň. Magnit hadysasy wagtynda dogry iýmitlenmek hem ýaramaz özüňi duýuşdan gaçmaga kömek eder.