Ýaponiýanyň Saýtama uniwersitetiniň molekulýar biologlary adaty bolmadyk synag geçirdi we şol döwürde ösümlikleriň “özara gepleşigini” fluoresent mikroskopy arkaly surata düşürip bildiler diýip, ScienceAlert žurnalyna salgylanýan Mir-24 habar berdi. sözlegçiler ösümlikler özara aragatnaşyk saklanlarynda, ýagny biri-biri bilen “gepleşenlerinde” ýörite uçýan birleşmeleri bölüp çykarýandygyny anykladylar. Synag geçirmek üçin alymlar kelem maşgalasynyň ownuk gülli ösümlikleri bolan Arabidopsis thaliana görnüşiniň birnäçe wekilini aldylar. Reaksiýalary görmek üçin olary birneme reňkläp, biri-birine golaý ýerleşdirdiler. Ondan soň gözlegçiler käbir synag nusgalaryna bilkastlaýyn zeper ýetirdiler. Hususan-da, iýsin diýip ýapraklara gurçuklary goýberdiler. Şonda özüne zeper ýeten ösümlikler işjeň ýagdaýda uçýan maddalary çykaryp başladylar we golaýdaky zeper ýetmedik ösümlikler muňa duýgur “seslendiler”. Olar ýaralanan doganlarynyň habarlaryny kabul etdiler we köp sanly kalsiý signallary bilen jogap berdiler diýip, neşiriň habarynda aýdylýar.