Emeli aň dünýädäki iş orunlarynyň takmynan 40%-ine täsir eder. Bu duýduryş Halkara Pul Gaznasy (HPG) tarapyndan berildi diýip, Ferra habar berdi. HPG-niň seljermesine görä, ösen ykdysadyýetler üçin töwekgelçilik has ýokary bolar, şol bir wagtda ösüp barýan bazarlar we pes girdejili ýurtlar bu meselede kän kynçylyk çekmez. HPG-niň dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa öz sahypasynda AI köp zatlar babatda umumy deňsizligi hasam erbetleşdirip biler diýip ýazdy. Bu tendensiýa hünärmenleri biynjalyk edýär, syýasatçylar sosial dartgynlygyň mundan beýläk-de ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin bu meseläni işjeň çözmeli bolarlar. HPG-niň beýanynda awtomatizasiýanyň we AI-niň zähmet bazaryna ýetirip biljek ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigi nygtalýar. Hökümetler we guramalar eýýäm şu wagtdan işgärleri goldamagyň, olaryň gaýtadan taýýarlanmagyny hem-de iş ýerleriniň üýtgemegine uýgunlaşmaklaryny üpjün etmegiň strategiýalaryny işläp düzmeli.