Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi demir garyndyly önümleri öndürýän kärhanany gurmak mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça açyk hakara bäsleşigini yglan etdi. Bu baradaky bildiriş Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi. Türkmenistanda demir garyndyly önümleri (ferrosiliýa, kremniý karbidi we tehniki kremniý) öndürýän kärhanany gurmagyň maksadalaýyklygy we dälligi degişli bäsleşigiň çäklerinde kesgitlener. Bäsleşige gatnaşmak isleýän taraplaryň arzalary (gatnaşmak baradaky ýygymy tölemek şerti bilen) 30 günüň dowamynda Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 132-nji jaýynda kabul edilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir