Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Doha şäheriniň, şol sanda ýurduň iň iri ylym-bilim toplumy bolan Bilim şäherine (Education City) baryp gördi we bu ýerde toplumyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasy habar berdi. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki çäreleri, şol sanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleri guramagyň meselelerini maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini hem maslahatlaşdy. Gepleşiklerden soň, türkmen ilçisi jemi 12 inedördül kilometrde ýerleşýän Bilim şäheriniň desgalary bilen ýakyndan tanyş boldy. Bu ýerde 8 sany halkara derejeli uniwersitetleriň binalar toplumlary ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir