«Samsung» kompaniýasy «Galaxy Unpacked» atly tanyşdyryş dabarasyny geçirdi we onuň çäklerinde täze flagman nesline degişli «Galaxy S24 Plus» we «Galaxy S24 Ultra» smartfonlaryny tanyşdyrdy. «Galaxy S24 Plus» 1440-a 3088 piksel durulygy, 120 Hz ýygylygy, HDR10+ goldawy we 2600 nit-e çenli ýagtylygy bolan 6,7 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün edildi. Ekranyň ýokarky böleginde 12 MP frontal kamera üçin «o» şekilli kesim ýerleşdirilipdir. «Galaxy S24 Ultra» hem şol aýratynlyklara eýedir, diňe ekrany biraz uludyr – 6,8 dýuým. Şeýle hem onuň frontal kamerasy «S24 Plus-dan» tapawutlylykda, 4K wideo ýazgy edip bilýär. Smartfonlaryň aýratynlyklary, esasan, birmeňzeşdir – olaryň öndürijiligine dörtnanometrlik tehproses esasynda öndürilen «Snapdragon 8 Gen3» prosessory jogap berýär. Onuň iň ýokary ýygylygy 3,3 GGs-dir. Çipsetdäki grafika iň ýokary ýygylygy 1 GGs bolan «Adreno 750» tizlendiriji jogap berýär. Ähli nusgalaryň operatiw ýady 12 GB, goşmaça ýady 256 GB-den 512 GB-a çenli üýtgeýär. Iki enjam hem IP68 standartyna laýyklykda, çyglylykdan we tozandan goraglydyr. «Galaxy S24 Plus-da» üç sany esasy kamera bar. Esasy modul 50 MP, üç esse optiki ýakynlaşdyrma teleobýektiwi 10 MP, ultra giň burçly modul 12 MP durulyga eýe. «Galaxy S24 Ultra-da» bolsa olaryň dördüsi bar – 200 MP durulygy bolan esasy modul, bäş esse ulaldyjy periskopik teleobýektiwi – 20 MP, üç esse ulaldyjy teleobýektiw – 10 MP, ultra giň burçly linza – 12 MP. «Galaxy S24 Plus» 4900 mA/s batareýa, «Galaxy S24 Ultra» bolsa 5000 mA/s batareýa bilen üpjün edilendir. Iki ýagdaýda-da 45 Wt simli zarýad beriji, 15 Wt simsiz zarýad beriji we 4,5 Wt rewersiw zarýad beriji bardyr. Şeýle hem «Galaxy S24 Ultra» smartfonynyň çarçuwasy titandan ýasaldy. Bu «Samsung-yň» korpusynda şeýle material ulanylan ilkinji smartfonydyr. Täze samrtfonlar 1149 dollara öňünden sargyt etmek üçin elýeterlidir. Olar gara, çal, melewşe we sary reňklerde hödürlenýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir