Çehiýadan Zara atly gyzjagaz Ewerestiň esasy lagerine çykyp, dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada BNN Breaking neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär. Dört ýaşly Zara Ewerestiň 5,3 km belentligine çykmagy başaran iň ýaş gyzjagaz boldy. Onuň ýanynda kakasy Dawid Şifra we ýedi ýaşly erkek dogany Saşa bardy. Dawid ýöriş wagty çagalaryň saglygyna gözegçilik etdi. “Belentlige çykyş wagty hiç hili kynçylyk döremedi. Akklimatizasiýa ýokary derejede boldy. Kiçijik Zara bolsa örän gowy fiziki formasy sebäpli ýörişiň beýleki ýüzlerçe gatnaşyjysynyň ählisinden diýen ýaly öňe geçdi” – diýip, gyzjagazyň kakasy gürrüň berýär. Zara Malaýziýanyň oba ýerinde ulaldy. Çagalykdan gyzjagazyň ene-atasy onuň organizmini temperaturanyň üýtgemegine we dowamly fiziki işjeňlige öwrenişdirdi. Şeýlelikde, gyzjagaz çagalykdan buzly suwa düşüp, her gün 5-10 kilometr geçýärdi. 2023-nji ýylda ol jeňňelligiň içi bilen jemi 2,2 müň kilometr geçdi. Terbiýäniň adaty bolmadyk usullary netijesinde, ol çydamly we sagdyn bedenli boldy, şonuň üçin gyzjagaz sowuk howa we agyr fiziki işjeňlige aňsatlyk bilen çydap bilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir