2023-nji ýylda Hytaýyň ilatynyň sany 2,08 mln adam azalyp, 1,40967 mlrd adam boldy. Bu barada HHR-iň Döwlet statistika edarasyna salgylanyp, TASS habar berýär. Ýaýradylan hasabatda bellenilişi ýaly, ýylyň dowamynda häkimiýetler ýurtda 9,02 mln täze doglan çagany hasaba aldylar, 11,10 mln adam aradan çykdy. Çaga dogluş we ölüm koeffisiýenti, degişlilikde, 6,39 we 7,87 promille boldy. Hytaýyň ilatynyň düzüminde erkekleriň sany 720,32 mln adam (0,2% azalma), zenanlaryň sany 689,35 mln adam (0,04% azalma). Zähmete ukyply raýatlaryň paýy (16 ýaşdan 59 ýaşa çenli) 61,3%-e barabar we bu 2022-nji ýyldakydan 0,7 göterim punkt azdyr. Ýurtda 65 ýaşdan uly adamlaryň sany 3,3% artyp, 216,76 mln adama ýetdi. Statistika laýyklykda, 2023-nji ýylda HHR-iň şäherleriniň ilaty 1,2% artyp, 932,67 mln adama ýetdi. Oba ýerlerinde 447 mln adam ýaşaýar (2,8% azalma). 2022-nji ýylda Hytaýyň ilaty soňky 60 ýylda ilkinji gezek azalyp başlady. 12 aýda onuň sany 850 müň adam azaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir