Žoze Mourinýonyň işden gitmeginden soň toparyň öňki oýunçysy Daniele De Rossi «Romanyň» täze baş tälimçisi boldy diýip, italýan futbol toparynyň web sahypasy habar berýär. Hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. De Rossi 20-nji ýanwarda Italiýanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynda «Werona» toparyna garşy duşuşykda «Romanyň» tälimçisi hökmünde ilkinji gezek çykyş eder. De Rossi sişenbe güni topary terk eden Mourinýonyň ornuna geçdi. Portugaliýaly tälimçi 2021-nji ýyldan bäri «möjeklere» ýolbaşçylyk edýärdi, onuň şertnamasy şu möwsümiň ahyryna çenli niýetlenendir. «Roma» Italiýanyň çempionatynda 20 tapgyrda 29 utuk toplap, dokuzynjy orunda barýar. «Biz «Roma» toparyna jogapkärçiligi Daniele De Rossniň üstüne ýüklemek mümkinçiliginiň dörändigine begenýäris, çünki oňa mahsus bolan ýolbaşçylyk sypatlarynyň we hyjuwyň möwsümiň ahyryna çenli toparyň öňde goýan maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolup biljekdigine ynanýarys. Daniele, öýüňe hoş geldiň» diýip, toparyň eýeleri Den we Raýan Fridkinler bellediler. 40 ýaşly De Rossi 2001-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli rimlileriň düzüminde ýarymgoragçy hökmünde oýnady, ähli ýaryşlarda 616 oýna gatnaşyp, 63 pökgi geçirdi we 60 ýardam pasyny berdi. «Roma» bilen iki gezek Italiýanyň kubogynyň eýesi we ýurduň Super kubogynyň ýeňijisi boldy. De Rossi tälimçi hökmünde 2021-nji ýyldan bäri Italiýanyň milli ýygyndysynda Roberto Mançininiň kömekçisi bolup işledi, 2022-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli Seria B-de çykyş edýän «SPAL» toparyna tälim berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir