1963-nji ýylyň mart aýynda çykan «Täsin Möý-adam» komiksiniň 1-nji sany auksionda rekord derejede 1,38 million dollara satyldy. Bu barada mail.ru UPI neşirine salgylanyp habar berýär. Bu neşir komiksleri bahalandyrýan we tertipleşdirýän «Certified Guaranty Company» kompaniýasynyň 9,8 ballyna mynasyp bolan we durky ajaýyp görnüşde saklanyp galan iki nusganyň biridir. Söwda «Heritage Auctions» kompaniýasy tarapyndan geçirildi. Möý-adam baradaky hekaýanyň ilkinji sany üçin alnan mukdar guramanyň öňki rekordyny täzeledi. Öňki rekord bir komiks üçin 520 380 dollardy. Suratkeş Stiw Ditko we ssenarist Sten Li tarapyndan döredilen «Täsin Möý-adam» komiksiniň 1-nji sany ýokary synp mekdep okuwçysy Piter Parker bilen dünýäniň ilkinji gezek tanyşmagyndan ýedi aý soň kiosklarda peýda boldy. Ol ilkinji gezek «Amazing Fantasy» neşirleriniň birinde peýda boldy. Möý-adam baradaky hekaýanyň ilkinji sany 1963-nji ýylda bary-ýogy 12 sente satyldy. Onda gahryman meşhur Fantastik dörtlük bilen tanyşýar we Hameleona garşy göreşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir