2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, «Nokia-nyň» resmi web sahypasyndan smartfonlar bölümi aýrylar, häzirki wagtda onda «HMD Global» kompaniýasynyň «Nokia» brendi astynda çykýan enjamlary hödürlenýär. 2026-njy ýyldan başlap, «HMD Global» «Nokia» smartfonlaryny satmagy düýbünden bes eder. Bu barada gazeta.ru «ITHome» neşirine salgylanyp habar berýär. «Nokia-nyň» resmi web sahypasyndaky smartfonlar bölümi eýýäm resmi taýdan ýapyldy. Şeýle-de bolsa, ol henizem nokia.com/phones salgysy arkaly elýeterlidir. Ol hem 1-nji fewralda ýapylar. «HMD Global» bu üýtgeşmäniň «brendi özgertmek meýilnamasynyň» bir bölegidigini aýtdy. Şeýle hem «HMD Global» hiç hili bildiriş bermezden hmd.com web sahypasyny işe girizdi. Kompaniýa ýakyn wagtda onda «Nokia» smartfonlarynyň sahypalarynyň, şeýle hem «HMD Global» kompaniýasynyň we onuň hyzmatdaşlarynyň öndürýän enjamlarynyň peýda boljakdygyny belledi. Kompaniýa 2025-nji ýyldan soň «Nokia» brendi astynda täze enjamlary öndürmegi we satmagy bes eder. «HMD Global» 2015-nji ýylda döredilen fin kompaniýasydyr. 2016-njy ýylda kompaniýa ykjam telefon önümçiligini «Nokia-dan» satyn aldy we olary meşhur brend astynda işläp düzmegi hem-de satmagy dowam etdirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir