Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi sygyr etine esaslanýan, laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen etiň satylmagyny makullady. Bu barada ministrligiň metbugat sekretary Şira Solomon telegram kanalynda habar berdi. «Alternatiw belogy barlap görmek boýunça synag maksatnamasynyň çäklerinde [...] dünýäde ilkinji gezek towuk etinden däl-de, iri şahly mallaryň öýjüklerinden alnan we ösdürilip ýetişdirilen eti öz içine alýan önüm tassyklandy» diýip, Solomon belledi. Ol azyk tehnologiýalaryny işläp düzüji «Aleph Farms Ltd.» kompaniýasyna emeli eti satmaga rugsat berlendigini aýtdy. Ysraýylyň Milli azyk gullugy alternatiw iýmit çeşmelerini ösdürmek üçin ýurtdaky alternatiw belok önümçiligine ýöriteleşen meşgullanýan kompaniýalar bilen gepleşikleri dowam etdirýär. Tebigy haýwan etinden başga-da, emeli we ösümlik esasly etler bardyr. Emeli (ösdürilip ýetişdirilen) etler haýwanlaryň, mysal üçin, guşlaryň ýa-da iri şahly mallaryň öýjükleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi esasynda döredilen önümlerdir. Şeýle etiň aýratynlygy onuň hiç haçan hakyky haýwanyň bir bölegi bolman – laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilmegidir. Ösümlik esasly et nohutdan, soýadan ýa-da bugdaýdan ýasalýar. «QUORN» kompaniýasy kömelek miseliýasy (kömelegiň ýeriň aşagynda ýerleşýän bölegi) esasynda önüm öndürmäge başlady. Ösümlik esasly etden tapawutlylykda, emeli et wegetarianlar üçin niýetlenen önüm däldir. Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda Singapur dünýäde ilkinji bolup naggetsleri laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilen towuk etinden ýasamaga rugsat berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir