Programma üpjünçiligini işläp düzüji amerikan kompaniýasy HubSpot ABŞ-daky 648 satuw hünärmeninden we 303 biznes liderinden emeli aňyň olaryň işine nähili täsir edendigi barada pikir soraşdy. Gözlegiň netijeleri satyjylaryň duşuşyklary meýilleşdirmek, bellikleri dolandyrmak we maglumatlary girizmek ýaly işleri awtomatlaşdyrmak üçin emeli aňy ulanmak bilen her gün 2 sagat 15 minut wagt tygşytlaýandygyny görkezdi diýip, Incrussia.ru habar berýär. Şeýle-de, emeli aň işgärleri taýýarlamak ugrunda hem wagt tygşytlamaga kömek etdi. Indi menejerler öz satuw toparlarynda ösüş ugurlaryny has çalt kesgitläp biljekdiklerini aýtdylar. Emeli aňyň netijesinde boşadylan wagty olar işiň başga bir taraplaryna, şol sanda müşderiler bilen aragatnaşyga we şertnama baglaşmaga sarp edip bilerler diýip, gözlegde HubSpot-yň satuw bölüminiň ýolbaşçysy Kelli Bruks ýazdy. Generatiw emeli aň işgärleriň durmuşynda hem uly rol oýnaýar. Satuw hünärmenleriniň 31%-iniň söwda kontentini ýa-da potensial müşderilere maglumat habarlaryny ýazmak üçin OpenAI-den ChatGPT, DALL-E we Jasper ýaly gurallary ulanýandygy habar berilýär. Ýöne bu ChatGPT-niň hünermenleriň işini ýerine ýetirýändigini aňlatmaýar, ol diňe ony aňsatlaşdyrýar diýlip, gözlegde aýdylýar. Generatiw emeli aňy ulanýan satuw boýunça on hünärmeniň dokuzysy emeli aňly çat-botlary başlangyç nokat hökmünde ulanýandyklaryny we emeli aň tarapyndan döredilen tekste üýtgeşmeler girizýändiklerini aýdýarlar. HubSpot-yň netijeleri dürli pudak işgärleriniň öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin işde generatiw emeli aňy ulanyp başlaýandyklaryny görkezdi. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda ChatGPT çykany bäri işgärler kod ýazmak, emläk obýektleriniň sanawyny, sapak meýilnamalaryny döretmek we marketing materiallaryny taýýarlamak üçin emeli aňly çat-botlara ýüz tutýarlar. Ýöne şol bir wagtyň özünde käbir kompaniýalar emeli aňyň ornaşdyrylmagyna entuziazm bilen garaýan bolsalar, beýlekiler bu tehnologiýanyň maglumatlaryň gizlinligine we takyklygyna täsiri barada pikirlenip, seresaplylyk bilen çemeleşýärler. Ýolbaşçylaryň 78%-i emeli aňyň ornaşdyrylmagy täze iş orunlarynyň peýda bolmagyna getirdi diýip hasaplaýar. Kompaniýalaryň aglabasy bolsa täze tehnologiýalar işiň hilini gowulandyrdy diýip hasaplaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir