Samsung täze, goralan Galaxy XCover7 smartfonyny görkezdi. Kompaniýa smartfonyň ähli esasy aýratynlyklaryny aýan etdi diýip, ixbt.com habar berýär. Galaxy XCover7 SoC Media Tek Dimensity 6100+ çipsetine esaslanýar, 6 GB operatiw ýat we 128 GB fleş-ýat bilen üpjün edildi, microSD ýat kartlaryny göterýär. IPS ekranynyň diagonaly 6,6 dýuým, durulygy Full HD+, ol Gorilla Glass Victus+ aýnasynyň kömegi bilen goralandyr. Smartfon 50 Mp esasy kamera, 5 Mp frontal kamera eýe boldy. Smartfon IP68 derejesine laýyklykda tozandan we suwdan goragly, ol MIL-STD-810H amerikan harby standartynyň talaplaryna-da jogap berýär. Akkumulýatoryň sygymy 4050 mAs, şol bir wagtyň özünde batareýany aýyrmak bilen iş režimi hem bar – tor adapterinden iýmitlenen ýagdaýynda. Şeýle-de, USB-C porty we nauşnikler üçin adaty ýer bar. Täze smartfonyň bahasy heniz habar berilmeýär.