Tesla ABŞ-da Cyberhammer (“Kiberçekiç”) söwda adyny bellige aldyrmak isleýär we bu arza fitnes enjamlary kategoriýasynda hödürlenýär diýip, Electrek-e salgylanýan Auto.ru habar berýär. Neşir Tesla CrossFit ulgamynyň käbir maşklarynda ulanylýan tokmak görnüşinde öz wersiýasyny çykarmakçy bolýar diýip çaklaýar. Megerem, kompaniýa Cybertruck kysymly awtoulagyň töweregindäki göçgünlilikden peýdalanmak isleýän bolsa gerek we Cyberhammer-iň ähli nusgasyny markanyň muşdaklary satyn alar diýip çaklanýar. Çekijiň urulýan tarapy dizaýnynda Cybertruck kysymly ýük awtoulagyna meňzeýändir diýip çak edilýär. Şeýlelik bilen, kompaniýa öz-özüni birneme ýaňsa alýar: dizaýn, 2019-njy ýylyň tanyşdyrylyş dabarasynda tokmak ulanyp, Cybertruck-iň kuzowynyň güýjüni görkezmek üçin edilen synanyşyk hökmünde görkezilip bilner. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň adaty bolmadyk esbaplary ilkinji gezek öndürişi däl. 2021-nji ýylda şol wagtky Cybertruck görnüşinde jürlewükler we 2022-nji ýylda şol bir stilde enjamlara simsiz zarýad bermek üçin panel peýda bolupdy. Şeýle hem, kompaniýanyň Ýewropa bölümi tarapyndan işlenip taýýarlanan Gigabeer piwo çüýşeleri Cybertruck -yň daşky görnüşiniň dizaýnyndan ylham aldy.