Paramount studiýasy “Top Gun” filminiň üçünji bölüminiň önümçiligine başlady diýip, Film.ru Puck portalyna salgylanyp habar berýär. Studiýanyň ýolbaşçylary trikwele aktýor we prodýuser Tom Kruzy hem-de režissýor Jozef Kosinskini yzyna getirmegi göz öňünde tutýarlar. Edebi esasyny “Mewerik” atly ikinji bölümiň awtorlarynyň biri Eren Krýuger ýazar. Tom Kruzyň we Wal Kilmeriň baş keşpleri janlandyran “Top Gun” (“Ökde mergen” ady bilen hem belli) filmi 1986-njy ýylda çykdy. “Mewerik” ady bilen dowam etdirilen film 2022-nji ýylda kinoteatrlara çykyp, dünýä kassa ýygymynda 1,5 milliard dollar girdeji gazandy. Filmde Maýlz Teller, Jennifer Konnelli we Glen Pauell hem çykyş etdi. Kruz öň Warner Bros bilen täze uzak möhletli şertnama baglaşypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir