“Pop-sazyň şasy” Maýkl Jekson hakdaky “Maýkl” atly terjimehal film 22-nji ýanwarda surata düşürilip başlar, ýöne döredijiler köpden bäri garaşylýan filmiň goýberiljek senesini eýýäm yglan etdiler. Film.ru Deadline-na salgylanmak bilen, onuň ilkinji görkezilişiniň 2025-nji ýylyň 18-nji apreline meýilleşdirilendigini habar berýär. Esasy keşbi aýdymçynyň ýegeni Jafar Jekson ýerine ýetirer, Antuan Fukua (“Türgenleşik güni”, “Beýik sazlaýjy”) bolsa režissýorlyk eder. Edebi esasyň üstünde Jon Logan (“Awiator”) işledi. Film Lionsgate we Universal studiýalary tarapyndan paýlanar. Prodýuseri Grem King (“Bogem rapsodiýasy”). Baýopikiň sýužeti Jeksonyň kemala gelişini, aýdym-saz karýerasyny, dawalary we kazyýet seljermelerini yzarlaýar. Filmde aýdymçynyň esasy hitleri ýaňlanar. Maýkl Jekson 2009-njy ýylda aradan çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir