14-16 ýaşly türgenleriň arasynda Yslam ýetginjekler oýunlary 2025-nji ýylda Kazanda geçiriler. Bu barada Tatarystanyň sport ministri Wladimir Leonowyň beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär. “Tatarystan Respublikasynyň Olimpiýa geňeşi bilen bilelikde “Yslam ýetginjekler oýunlary” atly täze halkara multisport taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar, oňa gatnaşyjylar yslam dünýäsiniň ýurtlaryndan 14-16 ýaşly ýaş türgenler bolar” – diýip, Tatarystanyň sport ministrliginiň başlygy edaranyň giňişleýin mejlisinde habar berdi. Leonowyň aýtmagyna görä, bu taslama “Russiýa – yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşyjylar tarapyndan tassyklandy we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sekretariaty tarapyndan goldanyldy.