Microsoft öz programmalarynyň köpüsine emeli aňy yzygiderli girizýär. Öň AI funksiýalary Paint-de peýda bolupdy, indi Notepad-e ornaşdyryldy diýip, IXBT.com habar berýär. Täze Cowriter funksiýasy ulanyja teksti isleg boýunça täzeden ýazmaga, gysga ýa-da, üýtgedip, has göwrümli etmäge kömek eder. Täzelik Notepad 11.2312.17.0 wersiýasynda amala aşyryldy (bu beta-wersiýa). Cowriter-iň Notepad-yň ulanyjy wersiýasynda haçan peýda boljakdygy barada entek habar berilmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir