Aktýor Kianu Riwz we «Ýitirilen düýşleriň demirýol menzili», «Ýara yzy» we «Relsler» atly kitaplary bilen tanalýan ýazyjysy-fantast Çaýna Mýewil «Başga bir ýeriň kitaby» (The Book of Elsewhere) atly bilelikdäki romany çykararlar. Bu barada mail.ru «Deadline» neşirine salgylanyp habar berýär. Kitap 23-nji iýulda çykar. Bu roman ýazyjy Mett Kindt we grafikaçy-suratkeş Ron Garni bilen bilelikde Riwz tarapyndan döredilen «BRZRKR» komiksler älemine esaslanyp dörediler. Hekaýanyň baş gahrymany – müňlerçe ýyl bäri üçin ölmezliginden halas bolmagyň açaryny tapmaga synanyşýan söweşiji. «BRZRKR-nyň» ilkinji sany täze çykan komiksleriň arasynda soňky 25 ýylda iň köp satylan nusga boldy. Riwz üçin «Başga bir ýeriň kitaby» onuň ilkinji çeper romany bolar. «Käwagt iň gowy oýunlar – başgalarynyň oýunjaklary bilen oýnaýan oýunlaryňyzdyr. Kianu meni oýnamaga çagyranda bu meniň üçin uly hormat boldy, özünde geň galmak we begenç duýgusyny döretdi. Men onuň döretmek üçin örän köp wagt sarp eden «oýnawaçlary» babatda beýle jomart boljakdygy, bilelikde synag etmäge şeýle şat boljakdygy, hakyky hyzmatdaşlyga açykdygy barada pikir hem etmändim. Okyjylaryň romanymyzy okanlarynda meniň ony ýazanymda başdan geçiren lezzetli duýgularymyň iň bolmanda bir bölegini alarlar diýip umyt edýärin» diýip, Çaýna Mýewil gürrüň berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir