«Samsung» korporasiýasy gutusy displeý bilen enjamlaşdyrylan simsiz gulaklyklary görkezdi. Bu barada lenta.ru «TechRadar» neşirine salgylanyp habar berýär. «CES 2024» sergisinde tegelek, reňkli OLED displeý ornaşdyrylan «Galaxy Buds» enjamy tanyşdyryldy. Ekranda zastawkalary gurnap bolýar, onuň kömegi bilen ulanyjy sazlary görüp we üýtgedip, sesiň güýjüni sazlap, enjamyň batareýasynyň derejesini barlap bilýär. «Samsung-yň» wekilleriniň bellemeklerine görä, tanyşdyrylan enjam prototip bolup, kompaniýa ýakyn wagtda şeýle enjamy köpçülikleýin öndürmegi meýilleşdirmeýär. Bellenilmegine görä, Günorta Koreýanyň kompaniýasy gulaklyklara ekran ornaşdyran ilkinji kompaniýa däldir. 2023-nji ýylyň başynda «JBL» korpusyna displeý ornaşdyrylan «Tour Pro 2» gulaklyklaryny hödürledi. Gulaklyklaryň gutusynda ekranyň bolmagynyň uly kemçiliginiň bardygy aýdylýar – ol batareýanyň derejesini ep-esli azaldýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir