Madridiň “Realy” Saud Arabystanynda geçirilen ýaryşyň finalynda “Barselonany” utup, Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Er-Riýaddaky duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Winisius het-trik (7-nji, 10-njy, 39-njy minutlar) bilen tapawutlandy, hasaba ýene bir goly Rodrigo (64) goşdy. Kataloniýalylaryň düzüminden Robert Lewandowskiý (33) gol geçirdi. Ýarym finalda “Real” “Atletikony” 5:3 hasabynda utdy, “Barselona” 2:0 hasabynda “Osasunadan” üstün çykdy. “Real” 13-nji gezek kubogyň eýesi boldy. Geçen ýyl ony hasabynda 14 titul bolan “Barselona” alypdy. 2019/20 möwsüminden bäri Saud Arabystanynda kubok ugrunda dört topar göreşýär (2020/21 möwsüminden başga).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir