Malaýziýanyň Ýokary hökümdary (Ýang di-Pertuan Agong) Abdulla II Kuala-Lumpurda başy gökdirän Merdeka 118 binasynyň açylyş dabarasyny geçirdi. Ol Dubaýdaky Burj Halifadan soň dünýädäki ikinji iň beýik bina boldy. Onuň beýikligi 678,9 metre barabar diýip, naked-science.ru habar berýär. Öň Menara Warisan Merdeka hökmünde belli bolan Merdeka 118 binasynyň gurluşygy 2014-nji ýylda başlandy. Taslama Fender Katsalidis we RSP Architects Planners & Engineers binagärlik kompaniýalary tarapyndan işlenip düzüldi, baş potratçy hökmünde Koreýanyň Samsung C&T korporasiýasy çykyş etdi. Binanyň adyndaky 118 belgi onda 118 gatyň bardygyny görkezýär. Resmi açylyşyna garamazdan, heniz başy gökdirän bina ideal ýagdaýa getirilmedi: onuň ýokarky bölegindäki Hyatt myhmanhanasy 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde, syn ediş meýdançasy bolsa diňe dördünji çärýekde açylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir