Ýekşenbe güni Daniýanyň Şa zenany Margrete II uly ogly Frederigiň peýdasyna tagtdan el çekýändigi hakynda beýana gol çekdi. Onuň uly ogly Frederik X hökmünde patyşa bellenildi. Şa zenanynyň tagtdan el çekmek dabarasy Kopengagende Döwlet Geňeşiniň – monarhyň ýolbaşçylygyndaky ministrleriň ýygnagynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Daniýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Mette Frederiksen ýekşenbe güni Kopengagendäki Kristianborg köşgüniň balkonyndan Daniýanyň täjiniň raýatlaryna patyşa Frederik X-nyň tagta çykýandygyny yglan etdi. Şeýle hem ol ilkinji gezek patyşa hökmünde köpçüligiň öňüne çykdy we ilkinji çykyşyny etdi. Frederik Margreteniň uly ogludyr. Daniýanyň mirasdüşer şazadasy ady Frederigiň ogly Kristiana geçirildi. Daniýanyň polisiýasynyň deslapky çaklamalaryna görä, Kopengagende häkimiýetiň geçirilmegi mynasybetli dabaralara 100 müňe golaý adam ýygnandy. Täze patyşanyň hormatyna Daniýanyň paýtagtynyň gämi duralgasynda dört topdan üç gezek 27 top atyldy, agşam bolsa Kopengageniň «Tiwoli baglary» dynç alyş seýilgähinde feýerwerk şüweleňi guraldy. Daniýanyň däbinde täç geýdirmek dabarasy ýokdur. Daniýanyň monarhiýasy Ýewropada iň gadymy nesilşalykdyr, onuň taryhy X asyra çenli uzaýar. Häzirki wagtda Daniýada şa maşgalasynyň ýerine ýetirýän wezipeleri esasan dabaraly häsiýete eýedir. Margrete II soňky 900 ýylda tagtdan el çeken Daniýanyň ilkinji monarhy boldy. Ondan öň, 1146-njy ýylda diňe Daniýanyň patyşasy Erik III Rehimli meýletin tagtdan el çekip, ybadathana goşuldy. Şa zenany Margrete 1972-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndan bäri Daniýanyň tagtyny eýeleýärdi. Ol kakasy patyşa Frederik IX ölenden soň tagta çykdy. Ol 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Täze ýyl mynasybetli çykyşynda tagtdan el çekmäge taýýardygyny mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir