Hytaýyň Gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda Hytaýyň awtomobil eksporty 101,6 mlrd dollar baha bilen (+69%) 5,22 mln birlikden geçdi (bir ýylda +57%), bu hem taryhy rekordy täzelemäge mümkinçilik berdi. Hytaý brendleriniň awtomobilleri dünýäniň 200-den gowrak ýurduna we sebitine eksport edilýär diýip, ixbt.com habar berýär. Ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda ýapon awtomobilleriniň eksporty 3,99 mln awtomobil bolup, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 15% köpdür. 2023-nji ýylda ýyllyk eksportyň 4,3 mln awtomobile barabar bolandygy çaklanylýar. 2023-nji ýylda Hytaýyň awtomobil eksporty ikinji orny eýeleýän Ýaponiýanyň awtomobil eksportyndan tas 1 mln birlik ýokary bolar. Hytaýda awtomobilleriň üpjünçilik zynjyry durnukly işleýär, önümçilik çykdajylary bolsa pes we bu Hytaýdan Awstraliýa, Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa awtomobil eksportynyň ýokarlanmagynyň esasy sebäbidir. Bu sebitler Hytaýyň awtomobil kompaniýalarynyň eksport satuwlary üçin esasy bazardyr. 2023-nji ýylda Hytaýdan içerki ýangyç hereketlendirijili awtomobilleriň eksportynyň 54% ýokarlanyp, takmynan, 3,52 mln birlik bolandygy çaklanylýar. Elektromobil eksporty 57% artyp, 1,7 mln birlik boldy. Eksport ediji kompaniýalar barada aýdylanda, kompaniýalaryň ilkinji onlugyna 922 830 awtomobil bilen Chery Automobile, 685 018 birlik bilen SAIC Passenger Cars, 344 078 birlik bilen Tesla China, 274 101 birlik bilen Geely Automobile, 267 756 birlik bilen Great Wall Motors, 242 765 birlik bilen BYD Automobile, 191 917 birlik bilen Changan, 184 935 awtomobil bilen Wuling girýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir