Şu gün, 15-nji ýanwarda The Best FIFA Football Awards 2023 dabarasy geçiriler. Bu çäre Londonda geçer we ony “Матч ТВ” teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer. Dabara Aşgabat wagty bilen sagat 00:30-da başlar. 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy üçin baýraga dalaşgärleriň gutarnykly sanawyna üç futbolçy girdi. Bular “Inter Maýaminiň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi, “Mançester Sitiniň” oýunçysy Erling Holand we “PSŽ-niň” fransiýaly oýunçysy Kilian Mbappedir. Iň gowy tälimçi ady ugrunda Hosep Gwardiola (“Mançester Siti”), Simone Indzagi (“Inter”) we Luçano Spalletti (“Napoli, Italiýanyň ýygyndysy) bäsleşer. Iň gowy derwezeban üçin baýraga dalaşgärler Ýassin Bonodan (“Sewilýa”, “Al-Hilýal”), Tibo Kurtuadan (Madridiň “Realy”) we Edersondan (“Mançester Siti”) ybarat. 2022-nji ýylda iň gowular Lionel Messi (ýylyň oýunçysy), Lionel Skaloni (ýylyň tälimçisi) we Emiliano Martines (ýylyň derwezebany) boldy. Zenanlaryň futbolynda ýylyň iň gowy zenan futbolçysy ady ugrunda Linda Kaýsedo, Jenni Ermoso we Aýtana Bonmati bäsleşer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir