Geçen ýyl dünýäde elektrik ulaglarynyň satuwy 31 göterim ýokarlanyp, 13,6 million boldy. Bu barada TASS Reuters habarlar gullugyna salgylanyp habar berdi. Rho Motion iňlis konsalting kompaniýasynyň habaryna görä, bir ýyl mundan öň, 2022-nji ýylda elektrik ulaglarynyň satuwy 60% ösdi, bu bolsa ösüş depgininiň haýallandygyny görkezýär. Rho Motion-yň maglumat dolandyryjysy Çarlz Lester: "Şuňa meňzeş ösýän bazarlarda bu garaşaýmaly ýagdaý. Her ýyl görkezijini iki esse artdyryp biläýmersiňiz" – diýip düşündirdi. Şol bir wagtyň özünde, dekabrda 1,5 million elektrik awtoulagy satylyp, aýlyk rekord goýlandygyny aýtdy. Lesteriň sözlerine görä, 2023-nji ýylyň görkezijileri kompaniýanyň deslapky tamalaryna laýyk gelýär. Hünärmenler 2024-nji ýylda ösüş 25% bilen 30% aralygynda bolar diýip çaklaýarlar. Rho Motion 2023-nji ýylda 9,5 million doly elektrikli awtoulag satyldy, galany gibrid ulaglaryň paýyna düşdi diýip belleýär. ABŞ-da we Kanadada doly elektrikli awtoulaglaryň satuwy 50%, Ýewropada 27%, Hytaýda 15% ýokarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir