Dört aý synanyşykdan soň NASA-nyň inženerleri Bennu asteroidiniň nusgalary saklanýan kapsulanyň gapagyny açmagy başardylar. Munuň üçin olar ýörite gurallary döretmeli boldular diýip, IXBT.com belleýär. Gapagy berkidýän 35 boltdan ikisi gymmat bahaly nusgalara ýetmekde esasy päsgelçilik boldy. Aýratyn şertler sebäpli - kapsula çaklaň germetikli kamerada ýerleşýär - we asteroid nusgalarynyň ýerüsti mikroorganizmler ýa-da mikrobölejikler bilen hapalanmagyny aradan aýyrmak zerurlygy bolany sebäpli inženerler çynlakaý usullary tapmaly boldular. Alymlar TAGSAM kamerasynyň kellesini sökmegi dowam etmek üçin iki sany köp komponentli guraly, şol sanda hirurgiki, magnit däl poslamaýan poladyň belli bir markasyndan bolan goşmaça geýdirilýän bölekleri ýasadylar. Synagdan öň Jonson topary ýörite laboratoriýada bolt aýyrmagyň täze gurallaryny we usullaryny synagdan geçirdi. Her üstünlikli synagdan soň inženerler tork görkezijilerini ýokarlandyrdylar we täze gurallaryň wezipäni ýerine ýetirjekdigine gözleri ýetýänçä synag amallaryny gaýtaladylar. Öňde moduly sökmegiň birnäçe basgançagy bar, emma indi çynlakaý mesele ýüze çykmaly däldir. OSIRIS-REx missiýasynyň Ýerden, takmynan, 120 million km uzaklykda ýerleşýän Bennu asteroidine toprak nusgalaryny almak we Ýere getirmek üçin ugrandygyny ýatladýarys. Wezipe üstünlikli boldy we zonduň özi bolsa täze maksada tarap ugrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir