Taýwanyň SSD gaty berk diskleri öndüriji hökmünde tanalýan AGI kompaniýasy 2 TB göwrümli dünýäde ilkinji mikro SD kartyny hödürledi diýip, Ferra Techradar-a salgylanyp ýazýar. Bu mikro SD-de 4K wideony ýazga alyp bolar. Onuň okamak we ýazmak tizligi degişlilikde 170 we 160 MB/s-e ýetýär. Şeýle öndürijilige ýetmek üçin CR138-e gabat gelýän kart okaýjyny ulanmaly. Kartada awtomatiki düzediş funksiýasy, ýokary tizlikli UHS-1 U3 protokoly, V30 / A2 utgaşyklygy we tozan, suw, zarba, magnit meýdanlaryndan we rentgen şöhlelerinden doly goragy bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir