Hytaýyň «Betavolt» startap kompaniýasy 50 ýyllap elektrik energiýasyny öndürip biljek täze «baky» batareýany döretdi. Bu barada lenta.ru «Independent» neşirine salgylanyp habar berýär. Pekinde ýerleşýän «Betavolt» kompaniýasy özüniň 63 ýadro izotopyny öz içine alýan ýadro batareýasynyň dünýäde atom energiýasynyň miniatýurizasiýasynyň ilkinji nusgasydygyny aýtdy. Startap kompaniýanyň wekilleri täze nesil batareýanyň eýýäm synagdan geçirilýändigini we ahyrky netijede smartfonlar hem-de dronlar ýaly täjirçilik maksatly enjamlar üçin köpçülikleýin öndüriljekdigini habar berdiler. «Betavolt» ýadro batareýalary aerokosmiki senagatyň, emeli aňyň, lukmançylyk enjamlarynyň, mikroprosessorlaryň, öňdebaryjy datçikleriň, kiçi dronlaryň we mikrorobotlaryň uzak möhletleýin energiýa üpjünçiligi boýunça zerurlyklaryny kanagatlandyryp biler» diýlip, kompaniýanyň metbugat beýanynda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir