Amerikaly Jim Miller Newada ştatynyň Paradaýs şäherinde geçirilen «UFC Fight Night 234» ýaryşynda meksikaly Gabriel Benitesi ýeňdi. Miller üçünji raundda Benitesdan demikdiriji tilsimi arkaly üstün çykdy. 40 ýaşly Miller MMA-da 37-nji ýeňşini gazandy, onuň 17 ýeňlişi hem bardyr. Şeýle hem bir tutluşyk geçirilmedi diýlip yglan edildi. 35 ýaşly Benitesiň indi 23 ýeňşi we 11 ýeňlişi bar. Miller häzirki wagtda «UFC-de» iň köp söweş (43) we iň köp ýeňiş (26) boýunça rekordyň eýesidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir