Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, Onuň Alyjenaby Frederik X Daniýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Siziň hökümdarlyk etmegiňizde Daniýanyň durmuş-ykdysady babatda ýokary ösüşleri gazanjakdygyna, ikitaraplýyn gatnaşyklarymyza bolsa, täze itergi beriljekdigine ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Frederik X berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa, parahatçylyk, öňe gidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi. 14-nji ýanwarda Daniýanyň Şa zenany Margrete II uly ogly Frederigiň peýdasyna tagtdan el çekýändigi hakynda beýana gol çekdi. Onuň uly ogly Frederik X hökmünde patyşa bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir