Halkara Futbol Federasiýasy 2023-nji ýylyň iň gowy tälimçisi üçin baýragyň eýesini yglan etdi. Ol “Mançester Sitiniň” ispaniýaly halypasy Hosep Gwardiola boldy. Ýatlap geçsek, geçen möwsümde 52 ýaşly hünärmen “Mançester Sitini” birbada üç ýaryşda ýeňşe getirdi – Çempionlar ligasynda, Angliýanyň Premýer-ligasynda we Angliýanyň Kubogynda. Gwardiola bilen bir hatarda bu at ugrunda italiýaly tälimçiler Simone Indzagi we Luçano Spalletti bäsleşipdi. Geçen möwsümde Indzagi “Inter” bilen Italiýanyň Kubogyny gazandy we Milan toparyny Çempionlar ligasynyň finalyna çykardy. Öz gezeginde, Spalletti “Napoli” toparyna 33 ýylyň içinde ilkinji skudettony gazanmaga kömek etdi. Şondan soň 64 ýaşly hünärmen Italiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy, onuň bilen Ýewro-2024-üň final bölegine çykdy. Geçen ýyl iň gowy tälimçi Argentinanyň milli ýygyndysynyň halypasy Lionel Skaloni boldy, ol toparyny 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda ýeňşe getirdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir