Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň derwezebany Ederson The Best FIFA Football Awards 2023 dabarasynda FIFA tarapyndan 2023-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip yglan edildi. Braziliýaly futbolçydan başga-da, bu ada dalaşgärleriň üçlügine Tibo Kurtua (Madridiň “Realy”, Belgiýa) we Ýassin Bono (“Sewilýa”, “Al-Hilýal”, Marokko) girdi. Şu möwsümde Ederson “Mançester Siti” üçin 26 oýna gatnaşyp, 24 goly geçirtdi, dokuz duşuşygy “nol” bilen oýnady. Toparyň düzüminde 2023-nji ýylda Çempionlar ligasynda, APL-de we Angliýanyň Kubogynda ýeňiji boldy. Transfermartk internet portalynyň maglumatlaryna görä, Ederson 2017-nji ýylyň tomsunda 40 mln ýewro “Mançester Siti” toparyna geçdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir