15-nji ýanwarda Londonda FIFA-nyň garaýşy boýunça 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy üçin The Best Men’s Player baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýraga “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi mynasyp boldy. Ýeri gelende bellesek, Lionel Messi bu dabara gatnaşmady, şonuň üçin sözleýiş bilen çykyş edip, baýragy alyp bilmedi. Netijede, argentinaly oýunçyny gönüden-göni zalda bolmazyndan iň gowusy diýip ykrar etmeli boldy. Şeýlelikde, Messi bu baýragy karýerasynda dördünji gezek aldy, öň baýraga 2022, 2019 we 2009-njy ýyllarda mynasyp bolupdy. Bu baýraga “PSŽ-niň” fransiýaly hüjümçisi Kilian Mbappe we “Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand hem dalaş etdi. Olar bu nominasiýada finalçylar boldy. Ýatlap geçsek, argentinaly hüjümçi Messi 2023-nji ýylda karýerasynda sekizinji gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy. Şu ýyl Leo “PSŽ” bilen bilelikde Fransiýanyň çempiony boldy, Fransiýanyň Superkubogyny utdy we “Inter Maýamä” ilkinji kubogy – Ligalaryň kubogyny getirdi. Geçen ýyl hem FIFA-nyň bu baýragynyň eýesi Lionel Messi boldy. Ýeňiji janköýerleriň, žurnalistleriň, milli ýygyndylaryň kapitanlarynyň we tälimçileriniň arasynda geçirilen ses berişligiň jemi boýunça kesgitlenýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir