Aýtana Bonmati (“Barselona”, Ispaniýanyň milli ýygyndysy) FIFA-nyň garaýşy boýunça ýylyň iň gowy zenan futbolçysy üçin baýragyň eýesi boldy. Şeýle-de, dalaşgärleriň gysga sanawyna Linda Kaýsedo (“Real”, Kolumbiýanyň milli ýygyndysy) we Jennifer Ermoso (“Paçuka”, Ispaniýanyň milli ýygyndysy) girdi. Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylda Aýtana Bonmati “Barselonanyň” düzüminde Ispaniýanyň Superkubogynda, Çempionlar ligasynda, La Ligada hem-de Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy. 30-njy oktýabrda Aýtana Bonmati zenanlaryň arasynda “Altyn top” – 2023 baýragyny aldy. Häzirki möwsümde 25 ýaşly ispaniýaly “Barselonanyň” 14 oýnuna gatnaşyp, sekiz gol geçirdi we alty netijeli geçirim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir