“Ahal” futbol kluby resmi taýdan logotipini üýtgetdi. Bu barada futbol kluby sosial sahypalarynda habar berdi. Habar berlişi ýaly, täze nyşan rekleriň minimal gapma-garşylygyndan, gaýtalanmajak şekillerden we göze ýakymly reňkleriň sazlaşygyndan döredildi. Täze nyşanyň merkezinde toparyň esasy hemaýatkäri – “Türkmennebit” döwlet konserniniň nyşany, futbol toparynyň döredilen senesi – 1989-njy görkezilýär. “Ahal” futbol topary 2022-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony boldy. Mundan daşary, topar Türkmenistanyň futbol Kubogynyň 3 gezek eýesi we 5 gezek hem Türkmenistanyň wise-çempionydyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir