Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan gelen çagalara operasiýalary etmek üçin serişde bölüp berdi. Ýakynda Arkadag şäherindäki köpugurly hassahanada oňurga kesellerinden ejir çekýän Aşgabatdan we Balkan welaýatyndan gelen çagalara tapgyrlaýyn operasiýalar geçirildi. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlaryndan gelen doga daýanç-hereket agzalary kemisli çagalara Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ylmy-kliniki merkeziniň hünärmenleri ortopediki we hirurgiki operasiýalary üstünlikli geçirdiler. Mundan başga-da, Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdirliginiň Kardiologiýa halkara merkeziniň lukmanlary Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlaryndan dogabitdi ýürek kemisli üç çaga ýürek operasiýasyny geçirdiler. Has çylşyrymly operasiýalardan soň kiçijik näsaglaryň ýagdaýy kanagatlanarly. Çagalaryň ene-atalary Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna aladasy hem-de ýardamy üçin hoşallyk bildirdiler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir