2024-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2,4 göterim bolar diýlip garaşylýar. Şeýle bolan ýagdaýynda ählumumy ykdysadyýet JIÖ-niň (jemi içerki önüm) soňky 30 ýyldaky iň haýal ösüşi boýunça rekord goýup biler diýlip, Bütindünýä Bankynyň «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatynda bellenýär. Geçen 2023-nji ýylyň jemleri boýunça görkeziji 2,6 göterime deň boldy. Bilermenler bu ýyl JIÖ-niň 2,4 göterime çenli peseljekdigini, bir ýyl soň özüni dürsäp, 2,7 göterime ýetjekdigini çaklaýarlar. Şeýle oňyn ösüşe hümmetsizlenmäniň peselmegi we pul-karz syýasatynyň ýeňilleşdirilmegi sebäp bolup biler diýip, ykdysadyýetçiler belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir