2023-nji ýylyň jemleri boýunça elektrik ulaglarynyň söwdasy dünýäde 31 göterim artdy diýip, Britaniýanyň seljeriş kompaniýasyna salgylanýan «24KZ» ýazýar. Bazary seljerijileriň pikiriçe, 2024-nji ýylda söwdalaryň derejesi 5 göterim azalar. Islegiň peselmegi bu pudaga maýa goýýanlary biynjalyk edýär, emma olar bazarda has köp elýeterli elektrik ulaglarynyň peýda bolmagynyň hasabyna islegiň ýene köpeljekdigine ynanýarlar. Häzirki wagtda dünýäde takmynan 4 million sany elektrik ulagy bar diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir