«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary täze ýyldaky ilkinji transferlerini amala aşyrdy. Klubyň metbugat gullugy «Merwiň» we «Köpetdagyň» ýaş futbolçylaryny düzümine goşandygyny habar berdi. Has takygy, «Merwden» Igor Sekow bilen «Köpetdagdan» Azizbek Bekçanow täze möwsümde Serdar Geldiýewiň şägirdi bolar. Igor Sekow Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde iki gezek tapawutlandy. Has takygy, ol 17-nji tapgyrda «Energetigiň», 23-nji tapgyrda bolsa «Şagadamyň» derwezesinden gol geçirdi. Igor Sekow bilen bilen bile bir tapgyrda (17-nji tapgyr) Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçiren Azizbek Bekçanow bolsa indi gollaryny «Ahalda» dowam etdirer. Ýeri gelende aýtsak, ýaş oýunçylara mümkinçilik bermekde we olardan gowy netije almakda «Ahalda» nusgalyk mekdep emele geldi. Geçen möwsümde hut şu toparda Gurbanmuhammet Esenowyň hem ýyldyzynyň parlandygyny ýatladýarys. Türkmenistanda 1-nji ýanwarda başlanan gyşky transfer möwsümi 29-njy fewrala çenli dowam eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir