Tejribeli goragçy Döwletgeldi Mirsultanow ýene-de paýtagtyň «Altyn Asyr» toparyna gaýdyp geldi. Bu barada Janköýer habar berdi. Mirsultanow geçen möwsümi «Nebitçide» geçiripdi. Ol Balkanabat şäheriniň topary bilen Türkmenistanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. «Altyn Asyryň» Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda 8-nji ýanwarda täze möwsüme taýýarlanyp başlandygyny ýatladýarys. Transfer habarlary barada aýdylanda bolsa, mundan ozal «Ahalyň» düzümini ýaş oýunçylaryň ikisi bilen güýçlendirendigini habar beripdik.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir