Fransiýanyň öňki Prezidenti Nikolýa Sarkoziniň egindeşi Raşida Dati ýurduň täze medeniýet ministri boldy, bu barada BFMTV teleýaýlymyna salgylanýan «Report.az» habar berdi. Häzirki wagta çenli Dati Parižiň 7-nji okrugynyň edara başlygy bolup işleýärdi. Ol 2022-nji ýylyň maýyndan bäri Medeniýet ministrligine ýolbaşçylyk eden Rimu Abdul-Malagy çalşar. «Respublikaçylar» partiýasynyň agzasy Dati Sarkoziniň geňeşçisi bolup işledi, Sarkozi Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soňra ol Fransiýanyň ýustisiýa ministri boldy. Neşir Stefan Sežurneniň Fransiýanyň daşary işler ministri wezipesine bellenendigini habar berýär. Sežurne bu wezipede Katrin Kolonnany çalyşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir