Aşgabat wagty bilen 13-nji ýanwardan 14-nji ýanwara geçilen gijede Melburn şäherinde tennis boýunça «Uly tuwulga» tapgyryna girýän Awstraliýanyň açyk çempionatyna badalga berler. Eýýäm ýaryşyň ilkinji gününde häzirki çempionlar Arina Sobolenko bilen Nowak Jokowiç korta çykar. Jokowiçiň başkangyç duşuşygyny horwatiýaly Dino Prižmiç bilen geçirmegine garaşylýar. Ýakynda bileginden şikes alan Nowakyň ýaryşda görkezip biljek netijeli şübheli. Onuň çempionlyk üçin esasy dalaşgärleri bolan ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras bilen russiýaly Daniil Medwedew bolsa Awstraliýanyň açyk çempionatyndan öň resmi ýaryşlara gatnaşmady. Dünýäniň ikinji raketkasy Arina Sobolenkonyň esasy garşydaşy hökmünde germaniýaly ýaş zehin Ella Zaýdel görkezilýär. Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionaty 14-nji ýanwarda başlanyp, 28-nji ýanwarda tamamlanar. Şu ýyl ýaryşyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi. Munuň özi geçen ýyldakydan 13 göterim kändir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir